Russiýa Federasiýasynda syýahat awtobuslarynyň ýene biri öndüriler
10 Awgust
Russiýa Federasiýasynda syýahat awtobuslarynyň ýene biri öndüriler

Sollers» kompaniýasy özi üçin düýpgöter täze ugra — önümçilige gadam goýýar. Resmi wekillere we hyzmatdaşlara Wladiwostokdaky öňki «Mazda» zawodynda ýygnaljak «SA9» syýahatçylyk awtobusy görkezildi.

Asyl nusgasynda bu — hakyky Hytaýyň «Ankai A9» awtobusy. Aýratynlyklar entek köpçülige mälim edilmedi. «Donor» «Weichai» dizel hereketlendirijisi we «Fast Gear» mehaniki geçiriji gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Uzynlygy 12 metr bolan awtobus 50 ýolagçyny kabul edip biler. Bu ýerde başga-da käbir üýtgeşmeler bar.

Gyzykly tarapy, internet ulgamynda awtobusyň iki görnüşdäki suratlary peýda boldy. «Sollersiň» resmi saýtynda hytaý çeşmesinden diňe nyşany boýunça tapawutlanýan nusga görkezilýär. Ýapyk resmi wekilligiň çäresinden alnan suratlarda awtoulagyň daşky görnüşini synlamak bolýar. Bu ýerde onuň iki bölege bölünen aýna penjiresi açyk görünýär. Belki-de, munuň özi modeli ruslaryň iş şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin ýaýbaňlandyrylan çäreleriň biridir: çünki zeper ýeten ýagdaýynda aýnany ýarym bölek hökmünde çalyşmak, ony bitinligine çalyşmakdan has aňsat we arzan düşýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem