Moskwa oblasty logistika kuwwatyny giňeldýär
12 Awgust
Moskwa oblasty logistika kuwwatyny giňeldýär

2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda Moskwada we Moskwa oblastynda 389 müň inedördül metrlik ammar ulanylmaga berildi. Bu — soňky sekiz ýylyň netijeleri bilen deňeşdirilende iň ýokary görkeziji.

Şunuň bilen baglylykda, «IBC Real Estate» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, onuň ammarlaryň we önümçilik binalarynyň işi boýunça başlygy Ýewgeniý Bumagin şeýle emläk ýetmezçiliginiň hem-de sebitde olara bolan islegiň heniz dowam etjekdigini tassyklady.

«Moskwa sebitinde takmynan 1,6 million inedördül metrlik täjirçilik ammary gurulýar. Olardan 800 000-si BTS-taslamalardyr, 200 000-si esasy oýunçylaryň şahsy toplumlary we diňe 600 000-si işjeň ýagdaýda satylýan spekulýatiw ýerlerdir. Onuň kärende bahasy Merkezi Bank tarapyndan esasy nyrhyň peseldilen halatynda arzanladylar» — diýip, hünärmen belledi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem