Siandan ýola düşen täze konteýner otlusy Gazagystanyň üstünden geçip, bäş günüň içinde Daşkende geldi
12 Awgust
Siandan ýola düşen täze konteýner otlusy Gazagystanyň üstünden geçip, bäş günüň içinde Daşkende geldi

Kasym-Žomart Tokaýew we Şawkat Mirziýoýow Siýandan Daşkende Hytaý — Gazagystan — Özbegistan ugry boýunça barýan ýola konteýner otlusynyň gelmegi mynasybetli guralan resmi dabara gatnaşdylar. Bu barada «Akorda» salgylanýan «inbusiness.kz» habar berýär.

Bu ýerde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew we Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow iki döwletiň ulag hem üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işler barada hasabat berdiler.

Şu ýylyň aprel aýynda Hywada Hytaý — Gazagystan — Özbegistan ugry boýunça ýük daşamagy guramak we Owganystanyň üsti bilen uzaýan ugry ösdürmek baradaky şertnamalaryň çäginde harytlary çalt eltmegi ýola goýmak düzgünleşdirildi. Konteýner otlusy rekord derejedäki menzili — 4,486 km ýoly bäş günüň içinde geçdi. Ýük otlusy Sian portundaky terminaldan ugrap, Gazagystanyň çäginden geçip, Daşkende gelýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem