Sessiz hereket edýän «BMW 5-Series 2025» tanyşdyryldy: Ol «BMW i5 2025» ady bilen hem tanalýar
13 Awgust
Sessiz hereket edýän «BMW 5-Series 2025» tanyşdyryldy: Ol «BMW i5 2025» ady bilen hem tanalýar

«BMW i5» diýlip atlandyrylýan «BMW 5-Series» nusgasynyň 2025-nji ýyl üçin niýetlenen elektrik görnüşi görkezildi. ABŞ-da «BMW i5 eDrive40» modeliniň binýatlyk bahasy — 68 275 dollar.

Yzky tigirleri hereket edýän awtoulag 335 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýan ýekeje elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň öwrüm güýji 400 Nm. Ulagyň 0-dan 100 km/sag tizlenmesi üçin zerur bolan wagty — 5,7 sekunt.

Iki elektrik hereketlendirijisi bilen tapawutlanýan we ähli tigirleri işleýän «BMW i5 xDrive40» ulagynyň bahasy — 71 275 dollar. Ulagyň umumy kuwwaty — 389 at güýji. Öwrüm güýji — 590 Nm çenli. Bu nusganyň 0-dan 100 km/sag tizlige galmagy üçin bary-ýogy 5,2 sekunt gerek.

«BMW i5 M60» sport nusgasynyň bahasy 85 275 dollar bolup, onuň 590 at güýjüne barabar bolan iki hereketlendirijisi bar. Öwrüm mümkinçiligi 795 Nm. Awtoulag 0-dan 100 km/sag tizlige 3,7 sekuntda ýetip biler. Mundan başga-da, ol uýgunlaşdyrylan asma mümkinçiligine we kämillleşdirilen saklaýyş ulgamyna eýe boldy.

Hereket ätiýaçlygy barada habar berilmeýär, ýöne ähli modelleriň 84,3 kWt/sag ölçegdäki batareýa bilen üpjün edilendigi mälimdir.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem