«Nissan», «Honda: hem-de «Mitsubishi» kompaniýalarynyň bileleşigi resmileşdirildi
13 Awgust
«Nissan», «Honda: hem-de «Mitsubishi» kompaniýalarynyň bileleşigi resmileşdirildi

Şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň «Nissan» we «Honda» kompaniýalary elektrik ulaglarynyň täze nesli boýunça platformany döretmek üçin hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Indi bu bileleşik resmi taýdan baglaşyldy we oňa ýene bir oýunçy goşuldy. Ýakynda Ýaponiýanyň metbugatynda bileleşige soňky goşulan tarapyň «Mitsubishi Motors» boljakdygy barada maglumatlar peýda boldy. Soňra kompaniýanyň wekilleri bu myş-myşlar barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdiler (ýöne olary ret etmediler). Muňa garamazdan, indi munuň asla myş-myş däldigi ýüze çykdy: «Mitsubishi» täze döredilen ýapon bileleşigine resmi taýdan goşuldy. Ýeri gelende bellesek, «Mitsubishi» kompaniýasynyň aýratyn bir saýlaw mümkinçiligi bolmaz, sebäbi paýnamalarynyň 34,01 göterimi «Nissana» degişlidir.

Şeýle-de bolsa, «Nissan» we «Honda» täze döredilen bileleşigiň esasy agzalary bolup galýarlar. Düýn metbugat ýygnagyny geçiren ýolbaşçylar bilelikdäki meseleleriň giň gerimini beýan etdiler. Esasy zat, awtonom hereketlendiriş we emeli aň ulgamlaryny goşmak bilen, geljekki elektrik ulaglary üçin programma üpjünçiligini döretmekdir. Şeýle-de bolsa, şertnama «apparat» komponentleriniň — çekiş batareýalarynyň we elektrik hereketlendirijilerini, reduktorlary we elektrik gurluşlary utgaşdyrýan ähliumumy çekiş modullaryny döretmegi göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlaryň «awtoulag alyş-çalşygy» bilen meşgullanmak isleýändikleri mälim edildi. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, beýj-inžiniring, ýagny dürli brendleriň bir modelde çykmagy. Biz diňe bir geljegi uly elektrik ulaglar barada däl, eýsem, adaty ýangyç awtoulaglary hakynda hem aýdýarys. Şunuň ýaly «bilelikdäki» modeller gysga möhletde peýda bolmaly, ýöne diňe kompaniýalaryň modelleriniň «boşluklary» bolan bazarlarda. Gysgaça aýdanymyzda, «Honda» nyşanly «Nissana» garaşylýar we tersine. «Renaultyň» şeýle başlangyja nähili garşylyk görkezjekdigi entek belli däl, sebäbi «Renault-Nissan-Mitsubishi» bileleşigi heniz hereket edýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem