Hytaýda «Nissan» hem-de «Infiniti» brendleriniň satuwy düýpli pese düşdi
13 Awgust
Hytaýda «Nissan» hem-de «Infiniti» brendleriniň satuwy düýpli pese düşdi

«Nissan Motor Company» özüniň 2024-nji ýylyň iýul aýy boýunça Hytaýdaky iş netijelerini yglan etdi. Şeýlelikde, ýolagçy awtoulaglarynyň we ýeňil söwda ulaglarynyň satuwy 47 102 birlik boldy («Nissan», «Venucia» hem-de «Infiniti» brendleri).

Ýeňil söwda ulaglary («Zhengzhou Nissan») ugrunyň satuw möçberi 3001 birlige ýetdi. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlary aralygynda «Nissanyň» iki esasy iş ugry — ýolagçy awtoulaglary we ýeňil söwda ulaglary boýunça Hytaýdaky umumy satuwy 386 399 birlik boldy.

Deňeşdirmek üçin bellesek, «Nissanyň» 2023-nji ýylyň iýul aýynda Hytaýdaky umumy satuwy 59 507 birlik bolupdy. Soňky bir ýylda satuw 21% azaldy. 2024-nji ýylyň iýun aýynda «Nissanyň» önümleriniň Hytaýdaky satuwy 52 852 birlik boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem