Russiýanyň ýollarynyň ikisinde sürürjisiz ýük ulaglarynyň synaglary başlanar
13 Awgust
Russiýanyň ýollarynyň ikisinde sürürjisiz ýük ulaglarynyň synaglary başlanar

M-12 («Gündogar») we Merkezi halkalaýyn ýollar synag hukuk düzgünine giriziler we Russiýanyň hökümetiniň kararyna laýyklykda, şol ugurlarda sürüjisiz ýük daşamaga niýetlenen ulaglary barlagdan geçirmäge mümkinçilik dörediler. Şu wagta çenli bu düzgün boýunça Russiýada diňe ýekeje awtoulag ýoly işleýärdi: M-11 «Newa» (Moskwa — Sankt-Peterburg).

Kararda synagyň ýoluň düýpli meňzedilen sanly nusgadaky tehnologiýasy boýunça ulanyljakdygy aýdylýar. Biz akylly ulag ulgamynyň aýrylmaz bölegi barada aýdýarys. Munuň özi ulag ýagdaýyna hakyky wagtda gözegçiligi alyp barmaga we howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

«Sanly ulag we logistika birleşiginiň» müdiri Polina Dawydowa hukuk düzgüniniň giňelmegini logiki ädim hökmünde häsiýetlendirdi. Ol iki täze ugurda sürüjisiz ulagyň hereketiniň sanly infrastrukturanyň taýýar bolmagyndan soň başlanjakdygyny düşündirdi.

— M-11 «Newa» awtoulag ýoly ilkibaşda synag taslamasy hökmünde kabul edildi. Merkezi halkalaýyn ýoly we M-12-ni saýlamak hem tötänleýin däl. Iň uly logistika kompaniýalary bu ugurlary sürüjisiz ýük awtoulaglary üçin ulanmaga isleg bildirdiler — diýip, Dawidowa belledi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem