Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy
14 Awgust
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy

Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn — 13-nji awgustda irden Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, tebigatyň täsin «merjeni» hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Ir säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem