13-nji awgustda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge özara ygrarlylygy bellemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginine çuňňur kanagatlanma bildirdiler.
Şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alşyldy.