«Nissan Pathfinder» ulagynyň syýahat etmek üçin niýetlenen nusgasy
14 Awgust
«Nissan Pathfinder» ulagynyň syýahat etmek üçin niýetlenen nusgasy

2023-nji ýylyň ahyrynda «Dongfeng Nissan» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazary üçin ýörite döredilen «Nissan Pathfinder» täze uly krossowerini hödürläpdi. Amerikan nusgasynyň formatyny saklanandygyna garamazdan, bu ulag düýbünden başga bir aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Indi Hytaýyň «Pathfinder» ulagy syýahat üçin ýöriteleşdirilen nusgada hödürlenýär. Bu — bir gezeklik şüweleň awtoulagy däl-de, önümçilige taýyn görnüş.

«Nissan Pathfinder» syýahat ulagy degişli esbaplar toplumynda adaty kärdeşlerinden tapawutlanýar. Mysal üçin, onuň üçeginde goşmaça yşyklandyryş enjamlary bilen üpjün edilen ekspedisiýa üçin ýük bölümi bolup, süýşmek mümkinçiligi onuň üstüni ýetirýär. Ulaga ýolsuz ýerde hereket etmäge ukyply tekerler ornaşdyrylsa, gabarasy ýörite grafika bilen bezelipdir.

Krossower içerki oturgyçlaryň üçünji hataryny ýitirdi. Onuň ýerini zerur goşlary saklamak üçin giň ýük bölümi eýeledi. Degişli «sandygyň» üstünde bolsa ýörite düşek (maşyn bilen gelýär) bolup, ýatmak üçin niýetlenen ýerleri tertipläp bilersiňiz. Çekilýän tekjelerden başga-da, bu bölüm 34 litrlik önümi ýerleşdirmek üçin goşmaça gizlin bölüm bilen enjamlaşdyrylandyr. Umuman alanyňda, «Nissan Pathfinder» syýahat ulagy gezelenç wagtynda peýdaly zatlary saklamak üçin 24 ýeri hödürläp biler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem