Täze «BMW X3-iň» resmi suratlary peýda boldy
14 Awgust
Täze «BMW X3-iň» resmi suratlary peýda boldy

«BMW» kompaniýasy täze modelini — «X3» awtoulagynyň tigir binýady ulaldylan nusgasyny hödürledi. Awtoulagyň daşky dizaýny hem, içki bezegi-de täzelendi.

Awtoulagyň uzynlygy 11 santimetr artdy we häzirki wagtda «BMW X5-iň» ululygy bilen deňeşdirip boljak 2,975 metrlik ölçege ýetdi. Radiator gözenekleriniň dizaýny has görnükli boldy, interýer bolsa hrom öwüşgini bilen kämilleşdirildi.

Bu awtoulag modeli ilkinji gezek bölünen radiator gözenekleri we tegelek çyralar bilen enjamlaşdyryldy. Iki görnüşli L nusgadaky çyralar indi golaý we uzak aralyga şöhle üçin ulanylyp bilner. Yzky çyralaryň özboluşlylygy awtoulagyň yzky böleginiň aýratynlyklary bilen utgaşyp, onuň ajaýyp dizaýnynyň üstüni ýetirýär.

Awtoulagyň uzynlygy — 4,865 metr, ini — 1,920 metr. Bu model hereketlendirijisi 184-den 245 at güýjüne çenli bolan turbolaşdyrylan görnüşi goşmak bilen, dürli hereketlendiriji nusgalaryny saklaýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem