Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15 Awgust
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli pugtalandyrylýan we kämilleşdirilýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ýun Sok Ýola berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Koreýa Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem