«Mazda6» hoşlaşýar: Hytaý üçin niýetlenen «Mazda EZ-6» ulagynyň «Changan» platformasyndaky nusgasy Ýewropada satylar
15 Awgust
«Mazda6» hoşlaşýar: Hytaý üçin niýetlenen «Mazda EZ-6» ulagynyň «Changan» platformasyndaky nusgasy Ýewropada satylar

Häzirki «Mazda6» ulagynyň üçünji nesli, hakykatdan hem, uzyn ömür sürdi: awtoulag 12 ýyl bäri öndürilýär. «Mazda EZ-6-nyň» Hytaýda görkeziljek premýerasyna köp üns berlendigi geň däldir, şol bir wagtyň özünde-de onuň diňe Hytaýyň eksklýuziw nusgasyna öwrüljekdigi ýa-da öwrülmejekdigi belli däldi. Indi bolsa «Mazda EZ-6-nyň» Hytaýyň daşynda hem çykaryljakdygyny aýdyp bileris. Sedan iň bolmanda Ýewropada satylar.

Bu barada «PR Newswire» saýtyna salgylanýan «Motor1» tarapyndan habar berildi. Ýewropa üçin niýetlenen «Mazda EZ-6» seriýasynyň önümçiligi güýzde başlanar, awtoulag 2025-nji ýylda satuwa çykarylar.

«Mazda EZ-6» sedany «Changan EPA» platformasynda guruldy. Hytaýda bu awtoulag diňe bir elektrik we gibrid nusgalary bilen hödürlener. Onuň kuwwaty — degişlilikde 258 we 313 at güýji. Sedanyň ölçegleri — 4921 x 1890 x 1485 mm, tigir binýady — 2895 mm.

Awtoulag «SoC Snapdragon 8155» esasly media ulgamy we 14,6 dýuým diagonally ekran, 14 dinamikasy bolan «Sony» ses ulgamy, telematika ulgamy we sürüjilere kömek bölümi bilen enjamlaşdyrylandyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem