Düýbünden täze 1794 bezegi bilen üsti ýetirilen 2025-nji ýylyň «Toyota Sequoia» ulagy täzelenişleriň köp sanlysyny utgaşdyrýar. Ýolsuz ýerde hereket edýän ajaýyp dörtburç ulag 62175 amerikan dollaryndan hödürlenilýär.
Täze «1794 Edition iForce MAX» 20 dýuýmlyk tigir, panorama görnüşindäki aýna üçek we tirkeg üçin Wi-Fi kamerasyny öz içine alýan tirkegleri çekiji tehnologiýa bilen üpjün edildi. Bu nusganyň bahasy — 80 135 dollar. Tirkegiňize sanly yzky aýnany döretmek ýa-da maglumat ulgamyna hakyky wagtdaky şekilleri geçirýän simsiz kameralary dakyp bilersiňiz.
«Sequoia 1794» ulagynyň salonynda bolsa gyzdyrýan, howany çalyşýan we massaž wezipesini özünde jemleýän goňur deri oturgyçlar bar. Bulara ikinji hatar kapitan oturgyçlary we amerikan hoz agaçlarynyň bezegleri goşulýar. Model ýörite halyçalary, premium-klass JBL ses toplumyny we 14 dýuýmlyk maglumat-dynç alyş ulgamyny alýar.
Täze 1794 goşmaçalaryndan başga-da, «Sequoia 2025» «TRD Pro» nusgasyna mahsus bolan «Mudbath» reňkini alýar. Massaž etmek mümkinçiligini özünde jemleýän oturgyçlary ýokarda agzalan 1794, şeýle hem «Platinum» we «Capstone» nusgalary üçin adaty şertdir.
Ähli modellerde tanyş «i-Force Max» güýç gurluşy bar. Tehnologiýa 1,87 kWt nikel-metal gidrid batareýanyň we hereketlendiriji bilen on tizlikli awtomatiki geçirişiň arasynda ýerleşdirilen 3,5 litrlik goşa turbo görnüşli V6 elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Bu model jemi 437 at güýjüne barabar bolan güýç gurluşyna eýelik edýär. Öwrüm mümkinçiligi — 790 Nm.