Türkmenistanda sürüjiler we halkara ulag operatorlary üçin okuw merkezi açylar
16 Awgust
Türkmenistanda sürüjiler we halkara ulag operatorlary üçin okuw merkezi açylar

Halkara ýük daşaýyşlaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň hünär taýýarlygyny geçmekleri üçin Türkmenistan degişli okuw merkezini açmagy meýilleşdirýär.

Bu ýurtda ulag we logistika pudagyny ösdürmek üçin möhüm ädimdir diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, merkeze Halkara ýol ulaglary bileleşigi tarapyndan ygtyýar berler we sürüjilere hem-de ulag operatorlaryna halkara ülňülerine laýyklykda, esasan-da, Ýewropa ýurtlaryna ulag gatnawy üçin tälim berer.

Akademiýa eýýäm gysga wagtlyk okuwlary geçirmek üçin mugallymlary taýýarlap başlady. Ilkinji 3 günlük onlaýn okuwlar tahograflary ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanýar. Okuw 5 tapgyrda geçiriler.

Merkeziň mugallymlary häzirki zaman sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan synp otaglarynda tälim alarlar. Synaglardan üstünlikli geçenler okuw merkezi Ženewa şäherinde ýerleşen akademiýasynyň şahadatnamasyny alarlar. Bu okuw merkezi okuwy üstünlikli tamamlan türkmen sürüjilerine we menejerlerine halkara derejeli şahadatnamalardyr diplomlar bermäge mümkinçilik berer diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem