Günbatar sebitiň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasynda şu ýylyň dowamynda 1 milliard 331 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmek maksat edinilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, 2010-njy ýylda işe girizilen desgada ýylyň-ýylyna nusgalyk işler bitirilýär. Kärhana diňe günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegleri kanagatlandyrmakda-da möhüm ähmiýete eýedir.
Bu ýerde şu ýylyň geçen döwründe 743 million 398 müň kilowat sagat elektrik togy öndürildi. Şol öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi-de göz öňünde tutulandakydan 13 million 398 müň kilowat sagat köp bolup, meýilnamanyň 102 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Şonuň ýaly-da önümçiligiň ösüş depginem 120 göterim üstünlikli berjaý edildi.
Häzirki wagtda gürrüňi edilýän elektrik stansiýasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dürli derejeli köp sanly myhmanhanalary, toplumlarydyr desgalary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, medeni-durmuş ähmiýetli binalary, şeýle-de kenarýaka şäherini üznüksiz elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edýär.
Bu ýerdäki turbinalaryň saz we bökdençsiz işlemekleri üçin çekilen uzynlygy 14,5 kilometr bolan ýangyç geçirijisi awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy stansiýa birikdirlendir. Açyk paýlaýjy enjam, kuwwatly enjamlar toplumy turbinany
«Awazanyň» deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň hem-de tutuşlygyna alnanda ýurduň elektrik ulgamlary bilen baglanyşdyrýar. Möhüm desga 3 sany esasy, 15 sany podstansiýany özünde jemleýär. Şeýlelikde, syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, energiýa ulgamlarynyň saz işlemegine aýgytly täsirini ýetirýär.