ABŞ-nyň bazaryny elektrik awtoulaglary eýeleýär
19 Awgust
ABŞ-nyň bazaryny elektrik awtoulaglary eýeleýär

Elektrik ulaglarynyň satuwy soňky ýyllarda Amerikada görnükli tendensiýa öwrülen täsirli ösüşi görkezýär. Awtoulaglary hasaba almagyň täze maglumatlary elektrik ulaglaryň adaty benzin modellerinden has çalt meşhurlyk gazanýandygyny aýan edýär.

«Automotive News» tarapynyň hasaplamalaryna görä, 2024-nji ýylyň iýun aýynyň jemi boýunça täze elektrik ulaglarynyň bellige alnyşy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3,1 göterim ýokarlanyp, 108 026 ulaga ýetdi. Şol döwürde has ýeňil awtoulaglaryň bazarynda ulaglaryň bellige alynmagy 8,8% azaldy we 1,2 milliona golaýlady.

Bu ösüş 2024-nji ýylyň iýun aýynda elektromobilleriň bazaryndaky paýyny 8,9 göterime ýetirdi we 2023-nji ýylyň iýun aýyndaky netije bilen deňeşdirilende 7,9 göterim ýokarlandyrdy. Hasaba alyş maglumatlary benzin-elektrik gibridlerini ýa-da ulanylan ulaglary öz içine almaýar.

Seljerijiler bu ösüşi elektromobilleriň bahalarynyň arzanlamagy, salgyt ýeňillikleri we amerikalylary elektrik ulaglaryna geçmäge höweslendirýän beýleki çäreler bilen baglanyşdyrýarlar. «Iýun aýyndaky sanlar elektrik ulaglary üçin diýseň gowy görkezijiler bolupdy. Emma höweslendiriş hökmünde diýseň güýçli çäreler muňa düýpli täsirini ýetiripdi» — diýip, «S&P Global Mobility» kompaniýasynyň seljerijisi Kent Çiu belledi.

Şeýle hem