«Mersedes-Benz» awtoulag sportynda 130 ýyllygyny belleýär
21 Awgust
«Mersedes-Benz» awtoulag sportynda 130 ýyllygyny belleýär

Awtosport ýaryşlarynyň 130 ýyllygy mynasybetli «Daimler» kompaniýasy çäkli mukdardaky «Mersedes-AMG GT3 Edition 130Y Motorsport» superulagyny hödürledi. Bu ulagdan bary-ýogy 13 sany öndürilip, olaryň her biriniň bahasy 1,03 million ýewro bolar diýip, auto.ru habar berýär.

Täze «GT3» Mersedes-Benziň baý ýaryş taryhyny özünde jemleýär. Awtoulagyň dizaýnynda rowaýata öwrülen, 1952-nji ýyla degişli bolan «300 SL W194» ulagyndan ylham alyndy. Onuň içki bölegi bolsa meşhur Huan Manuel Fangio tarapyndan 1955-nji ýylda döredilen «Mersedes-Benz SLR 300»-i ýatladýar. Döwrebap tehnologiýalar nusgawy dizaýn elementleri bilen birleşdirilip, özboluşly görnüş döredýär.

Her bir superulagyň eýesi ýörite ýaryş esbaplary we awtoulag kollektorynyň modeli ýaly aýratyn esbaplar toplumyny hem alar.

Şeýle hem