Saud Arabystany adamlary «uçýan elektrik gaýyklarynda» gatnadyp başlar
21 Awgust
Saud Arabystany adamlary «uçýan elektrik gaýyklarynda» gatnadyp başlar

Saud Arabystany «Candela» tarapyndan öndüren «uçýan elektrik gaýyklarynda» adamlary suwuň üstünden daşamagy meýilleşdirýär. Saud Arabystany eýýäm Şwesiýanyň öndürijisinden sekiz sany «Candela P-12» elektrik paromyny satyn aldy.

«Candela P-12» kompýuterde dolandyrylýan ganatlar bilen enjamlaşdyrylan bolup, munuň özi gämini suwuň üstünden göterýär. Bu batareýalaryň has uzak dowam etmegine, gaýyklaryň bolsa has çalt hem ykjam hereket etmegine mümkinçilik berýär.

Kompaniýa bu ugurdaky önümçiligine dynç alşy halaýanlar üçin ýokary tizlikli gaýyklar bilen başlady, ýöne soňra işini giňeldip, söwda gämilerini öndürip ugrady.

«P-12» adaty suw ulaglaryndan ep-esli gowulaşdyrylyp, zyňyndysy nol derejede bolan suw ulag ulgamlaryny döretmek üçin işlenip taýýarlanyldy» — diýip, «Candela» kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Gustaw Hasselskog düşündirdi. — Ozalky paromlardan tapawutlylykda, «Candela P-12» has kiçi we has çalt hereket edýän enjam bolup, ýolagçylara has ýygy gatnamaga we çalt hereket etmäge mümkinçilik berýär»

Saud Arabystany bu paromlary çöl metropolisi bolan Neomda ulanmagy meýilleşdirýär. Ýurt «Candelanyň» taryhynda iň uly söwda sargydy bolan sekiz «Candela P-12» tehnologiýasyny satyn aldy. Şeýle gämileriň biriniň bahasy 2,5 million ýewro. Gämä 31 adam ýerleşýär.

Gämileriň geljek ýyl sargyt edijilere gowşurylmagyna garaşylýar.

Şeýle hem