«ISeeCars» portaly haýsy modelleriň nazaryýet taýdan 250 müň mil (400 müň km) geçip biljekdigini kesgitlemek üçin 402 milliondan gowrak awtoulag modelleriniň maglumatlaryny seljerdi. Sedanlar boýunça aýratyn sanaw düzüldi.
Bu sanawyň başyny «Toyota Avalon» çekýär. «IseeCars» tarapyndan hödürlenen baha beriş modeline görä, sedanyň 250 müň km-den gowrak hereket etmek mümkinçiligi 22%. Bu ortaça görkezijiden 4 esse köp.
Ikinji orny «Honda Accord» (16,6%, 3,1x), üçünji ýeri «Toyota Camry» (13,5%, 2,5x) eýeledi. Dördünji we bäşinji ýerler şu brendleriň awtoulaglarynyň arasynda paýlandy: «Honda Accord Hybrid» (13,1%, 2,4x) we «Toyota Prius» (12,6%, 2,3x).
«Toyota» tarapyndan öndürilen awtoulaglar alty — dokuzynjy orunlary eýelediler: «Camry Hybrid» (11,4%, 2,1x), «Lexus ES» (10,6%, 2,0x), «Lexus IS» (9,0%, 1,7x), «Toyota Corolla» (7,8%, 1,4x).
«ISeeCars» sanawynda onunjy orny «Honda Civic» (7,2%, 1,3x) eýeledi. Iň soňky ýeri «Nissan Altima» (6,3%, 1,2x) eýeleýär.
«Häzirki zaman ulaglarynyň berkligi dizaýnyň we hiliň ýokarlanmagyny görkezýär» — diýip, «ISeeCarsyň» ýerine ýetiriji seljerijisi Karl Brauer belledi. «Alyjylar iň ýokary bahalar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler, emma olar haçan hem bolsa bir wagt satylan iň ygtybarly ulaglary hem alýarlar».