Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hünärmenleri bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras konwensiýasynyň sanawlaryna dalaşgärleri taýýarlamak üçin dört günlük okuwlara gatnaşýarlar.
20 — 23-nji awgust aralygynda Bişkekde geçirilýän bu çäräniň maksady milli mirasy goramak we halkara derejesinde wagyz etmek boýunça milli hünärmenleriň başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Okuwa Özbegistandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan hem wekilleri gatnaşýar. Duşuşyk maksatnamasy 2003-nji ýyldaky ÝUNESKO konwensiýasynyň çäginde maddy däl medeni miras düşünjesini we guramanyň dürli sanawlarynyň aýratynlyklaryny gözden geçirmegi öz içine alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dalaşgärlik sanawyny gözden geçirmäge we ÝUNESKO sanawlarynda sebitiň deňagramsyz wekilçiligine baha bermäge aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar bilelikdäki köpmilletli dalaşgärleri taýýarlamagyň mümkinçiligine-de seredýärler.