BMW Ýewropada elektrikli ulaglary öndüriji iň meşhur kompaniýa öwrüldi
23 Awgust
 BMW Ýewropada elektrikli ulaglary öndüriji iň meşhur kompaniýa öwrüldi

BMW Ýewropanyň elektrikli ulag bazarynda esasy bäsdeşi bolan «Tesladan» öňe geçdi. «JATO Dynamics» seljeriş kompaniýasy tarapyndan berilýän habara görä, iýul aýynda Bawariýanyň awtoulag öndürijisi 14 müň 869 sany elektrik awtoulagyny, onuň amerikaly bäsdeşi bolsa 14 müň 561 awtoulag satdy diýip, «Daily.afisha.ru» habar berýär.

Şu ýyl BMW-niň Ýewropa bazaryndaky täsiri 35 göterime çenli ýetdi. «Tesla» bolsa «Model Y» we «Model 3» kysymly ulaglary bilen soňky bir ýylyň içinde edýän täsirini 16 we 17 göterime çenli azaltdy.

BMW Ýewropa bazarynda agalyk etmekde diňe bir «Tesladan» däl, eýsem, islendik kompaniýadan öňde. Mysal üçin geçen aýda «Volkswagen» 12,2 müň, «Volvo» 10,5 müň, «Audi» bolsa 8,6 müň ulag satyp bildi.

Şeýle hem