Gruziýanyň sebitleýin ösüş we infrastruktura ministrligi Azerbaýjan bilen Ermenistanyň çäklerine tizlikli awtomobil ýoly gurmak üçin tender yglan etdi.
Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta, şeýle hem Gruziýany Azerbaýjanyň we Ermenistanyň serhetleri bilen birleşdirýän halkara üstaşyr geçelgeleriň bölegi bolan Rustawi-Gyzyl köpri we Algeti-Sadahlo ýollarynyň bölümleriniň gurluşygy barada gürrüň edilýär. Taslama laýyklykda daşarky yşyklandyryş ulgamy bilen jemi 61,3 km dört zolakly beton tizlikli awtomobil ýoly, 26 sany köpri we 11 sany ulag merkezleri gurlar, bularyň ählisinde halkara ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplary berjaý ediler.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylda badalga beriler we dört bölümiň gurluşygy 2,5 ýyldan tapgyrlaýyn tamamlanar. Taslama Ýewropanyň maýa goýum banky bilen bilelikde Gruziýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Gündogar-Günbatar awtoulag ýoly ýa-da Ýewropa üstaşyr ýoly E-60, Fransiýanyň Brest şäherinde başlap, Gyrgyzystanyň Irkeştam şäherinde tamamlanýan göwrümi boýunça ikinji Ýewropanyň üstaşyr geçelgesidir.
E-60 Gruziýa we Azerbaýjanyň arasyndaky serhetden başlaýar we Poti portunyň golaýyndaky Gara deňziň kenarynda tamamlanýar, ondan Türkiýäniň serhedine çenli dowam edýär. Gruziýanyň çäginde geçelgäniň uzynlygy 392 kilometre barabardyr.