Türkmenistanyň medeniýeti we taryhy Seulda parahatçylyga bagyşlanyp açylan sergide (World peace Art exhibition) görkezilýär.
Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, surat galareýasynda Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we däp-dessurlary görkezilýär. Şonuň ýaly-da, haly dokamak we gadymy el işleri, ahalteke atlarynyň gözelligi, şeýle hem ýurduň häzirki zaman sungatynyň gazananlary sergilendi.
Sergi Seulyň öňdebaryjy sungat galereýalarynyň birinde — Maru sungat merkezinde açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Koreýadaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurduň degişli ministrlikleridir guramalarynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly žurnalistler, ýerli sungat mekdepleriniň wekilleri, suratkeşler, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden suratçylar gatnaşdy.
Sergi myhmanlara we Koreýanyň ýaşaýjylaryna dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýeti, sungaty, taryhy bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Sergi 26-njy awgusta çenli dowam eder.