«Aston Martin» uzak wagtlap garaşylan «Vanquish» ulagynyň ilkinji gezek görkeziljek senesi barada maglumat berdi
24 Awgust
«Aston Martin» uzak wagtlap garaşylan «Vanquish» ulagynyň ilkinji gezek görkeziljek senesi barada maglumat berdi

«Aston Martin» kompaniýasy «Vanquish» tapgyrynyň täze nesliniň ilkinji gezek görkeziljek senesi barada mälim etdi. «Auto.ru»-nyň ýazmagyna görä, jemgyýetçilik torlary täze ulagyň 2-nji sentýabrda görkeziljekdigini habar berýär.

Awtoulagyň wizual jikme-jiklikleriniň ýoklugyna garamazdan, öndüriji v12 motoryndan peýdalanyljakdygyny eýýäm mälim etdi. Dogrusy, kompaniýa öňräk motoryň bu görnüşini mundan beýläk ulanmajakdyklaryny mälim edipdi. Ýöne häzirki bar bolan maglumatlara görä, bu pikirden el çekilene meňzeýär.

Öräk ulaga berlen adyň has aýratyn naýbaşy ulag üçin ulanyljakdygy aýdylýardy. Muňa garamazdan, adaty ulag bu ady göterer.

Şeýle hem