Hyundai-Kia elektrikli ulaglaryň içki böleginde amatly howa üçin täzelikleri hödürledi
26 Awgust
 Hyundai-Kia elektrikli ulaglaryň içki böleginde amatly howa üçin täzelikleri hödürledi

Koreýanyň «Hyundai-Kia» awtokonserni awtoulaglarynyň içki böleginde iň amatly şertleri döretmek üçin döwrebap tehnologiýalary kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Golaýda kompaniýa ulagyň içini netijeli gyzdyrmaga we sowatmaga gönükdirilen birnäçe innowasion çözgütleri hödürledi.

Awtoulagyň penjirelerine sowadyjy nanofilm ulanylýar. Onuň özboluşly aýratynlyklary bar. Ol sürüjini we ýolagçylary Günüň ýiti şöhlesinden gorap, içeriniň aşa gyzmagynyň hem öňüni alýar.

Infragyzyl ýyladyş. Ulagda aýaklaryň durýan bölegine goşmaça gyzdyryjylar oturdylýar we ol adaty ýyladyş ulgamy bilen bilelikde işleýär, ýöne şol bir wagtyň özünde ýüküni 70 göterime çenli azaldýar.

Metalllaşdyrylan aýna adaty aýnalar bilen deňeşdirilende has netijeli ýyladyş üpjün edýär. Ol energiýany adaty aýnalardan 10 göterim az talap edýär. Mundan başga-da, şeýle aýna içini ultramelewşe şöhlelerinden ygtybarly goraýar.

Bu aýratynlyklaryň hemmesi synag tapgyrynda. Olar ýakyn wagtda «Hyundai-Kia» elektrik ulaglarynda ornaşdyrylar diýip «auto.ru» habar berýär.

Şeýle hem