Türkmen bilermeni Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa maslahatynda çykyş etdi
26 Awgust
Türkmen bilermeni Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa maslahatynda çykyş etdi

Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlag merkeziniň direktory Şiri Şiriýew Şri-Lankanyň Daşary işler ministrliginiň geçiren ilkinji Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdy. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlaryndan syýasatçylar, diplomatlar, işewür jemgyýetleriniň ýolbaşçylary we bilermenler çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, bu çäre Şri-Lankanyň sebit bilen dörediljek geljekki hyzmatdaşlygy baradaky pikirleriň alşylmagyna gönükdirildi.

Iki bölümçeden ybarat bu maslahat täze ulag we logistika geçelgeleriniň döredilmegine üns çekip, Ýewraziýada we onuň daşynda Merkezi Aziýanyň strategiki ornunyň öwrenilmegine bagyşlanyldy. Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa sebiti bilen ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrmak maksady bilen, maslahatyň tematikasy bilelikdäki gülläp ösüş üçin hyzmatdaşlyk müminçiliklerine gönükdirildi.

Maslahat ýaňy-ýakynda Gazagystanda Şri-Lankanyň hemişelik diplomatik weilhanasyny döretmek baradaky kararyndan, hem-de Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkmenistan bilen geçirilen daşary işler ministrlikleriniň geňeşmelerinden soňra gurnaldy.

Wideoaragatnaşyk arkaly kärdeşleriniň öňünde çykyş edip, türkmen hünärmeni häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň – tebigy serişdelere, berk adam kuwwatyna hem-de ägirt uly ulag üstaşyr mümkinçiliklerine baý, hem-de dünýäniň köpsanly ýurtlarynyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleriniň utgaşýan sebitdigini belläp geçdi.

Şiriýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň isleg bildirýän Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlyk diaologynyň ugurlarynyň döredilmegini teklip etdi. Şeýle-de ol yklymyň beýleki sebitlerine, şol sanda Günorta Aziýa çykmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk ugrunyň möhüm pudagy bolan ulag pudagyna ünsi çekdi.

Şeýle hem