Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açylar
28 Awgust
Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açylar

Arkadag şäherindäki umumybilim berýän 1-nji orta mekdepde BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezi açylar.

27-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bu merkeziň açylyşyna, şeýle-de ýurtda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak çärelere, şu ýyl 1-nji synpa kabul edilen çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleri gowşurmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabatda Arkadag şäheriniň orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw mekdebinde täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanjakdygy barada hem aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gazanylýan üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň ýurduň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýändigini belledi hem-de ýurtda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary bilen baglanyşykly meselelere döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda Bilimler we talyp ýaşlar güni, Garaşsyzlyk baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadag dabaralarda ýurduň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem