«Hyundai» awtoulaglaryna şöhle arkaly ýyladyş ulgamyny girizer
29 Awgust
«Hyundai» awtoulaglaryna şöhle arkaly ýyladyş ulgamyny girizer

«Hyundai» kompaniýasy ýolagçylara ajaýyp rahatlyk berjek innowasion ýyladyş ulgamyny hödürleýär. «Mail.ru»-nyň habaryna görä, täze şöhle arkaly ýyladyş tehnologiýasy adam bedenini gönüden-göni gyzdyrýan infragyzyl panelleri ulanýar.

Täze gyzdyryjylar tehnologiki açyşy görkezýär. Uglerod nanoturbajyklaryna esaslanýan innowasion ýyladyş elementleri bilen enjamlaşdyrylan, ýerüsti meýdanyň köpelmegi sebäpli has birmeňzeş we güýçli ýyladyş üpjün edýär.

Kompaniýa radiator gyzdyryjylarynyň kömegi bilen ýolagçylaryň töwereginde amatly termiki giňişligi döretmegi meýilleşdirýär. Hususan-da, ruluň aşagynda, gapylaryň panellerinde we merkezi konsolda infragyzyl gyzdyryjylar oturdylar, olar ulagyň içiniň dolulygyna gyzdyrylmagyny üpjün eder. Bu täzeçil çemeleşme bary-ýogy üç minutda islenýän temperatura ýetmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem