44-nji «Parahat - Gurtly» gatnaw awtobusyň ugry birtaraplaýyn üýtgediljekdigi barada habar berýäris!
24 Awgust
44-nji «Parahat - Gurtly» gatnaw awtobusyň ugry birtaraplaýyn üýtgediljekdigi barada habar berýäris!

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak, maksady bilen, 2024-nji ýylyň 28-nji awgustyndan 44-nji «Parahat – Gurtly» awtobus öz uguruny uytgetjekdigini we Aşgabatdaky «Aşgabat» söwda dynç alyş merkezine gatnawy birtaraplaýyn amala aşyrjakdygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Bu ugruň üýtgedilmegi Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ulag elýeterliligini gowulandyrmaga, şäherde has amatly we netijeli hereket etmäge mümkinçilik bermäge gönükdirilendir.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem