«FESCO» ulag topary Wýetnamdan Malaýziýa we şondan tersligine yzygiderli «FESCO Intra Asia Service» (FIAS) ugruny işe girizýändigini mälim etdi.
Habara görä, bu hyzmat «FESCO» flotundan ýola düşjek 400 TEU konteýner gämisi tarapyndan dolandyrylar we Wýetnamyň Hoşimin portuny Malaýziýadaky Port-Klang bilen birleşdirer. Ýollamalaryň yzygiderliligi hepdede bir gezek, portlaryň arasyndaky tranzit wagty üç gün bolar.
«FESCO» «Intra Asia Service» konteýner daşamak hyzmatynyň çäginde 17-nji awgustda Port-Klang şäherine girer we 22-nji awgustda Hoşiminde bolar. «FIAS» ýük gatnawynyň esasy bölegi himiýa önümleri, oba hojalygy ýükleri, azyk hem dokma önümleri, şeýle-de beýleki egin-eşikler bolar.
Munuň ýigrimi ýyla golaý wagtyň içinde rus portlarynda gämi girişi bolmazdan, amala aşyrylýan ilkinji deňiz hyzmatydygy bellendi.