Azerbaýjanda öndürilýän «Iveco» brendiniň ýük awtoulaglary Russiýa, Eýrana hem-de Türkmenistana eksport edilip başlanar. Bu barada «Türkmenistan habarlar portalynda» habar berildi.
«Report» tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly, bu barada Sumgaýyt himiýa senagaty parkynyň rezidenti, «Az-Tex-Import» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy Samir Ibadullaýew gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bir ýylyň dowamynda 100 birlik az tonnalyk, orta we uly tonnaly ýük awtoulaglaryny öndürjek kärhananyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
«Ýakyn aýlarda kärhanada enjamlary oturtmak işleri başlanar. 90 adamy hemişelik iş bilen üpjün etjek kärhananyň maýa goýum bahasy 19,2 million manat bolar. Görkezilen serişdäniň 6 million manady eýýäm sarp edildi».