Täjigistan hytaýly öndürijiler bilen hyzmatdaşlykda elektrik ulaglaryny öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrligi habar berýär.
«Ýurduň Gümrük gullugynyň habaryna görä, 2023-nji ýylda umumy bahasy 59 million dollar bolan elektrik ulaglarynyň 3 316-sy import edildi. Diňe şu ýylyň ilkinji 6 aýynda 5 626 elektrik ulagy import edilip, onuň umumy bahasy 76,4 million dollara barabardyr. Munuň özi awtoulaglaryň umumy sanynyň 26,7 göterimini (19,7 müňden gowrak) emele getirýär» — diýip, Respublikanyň Ulag ministrliginiň habarynda aýdylýar.
2028-nji ýyla çenli hökümet tarapyndan tassyklanan meýilnamalara laýyklykda, Täjigistanda elektrik ulaglaryny we olaryň böleklerini öndürmek üçin binýat dörediler, elektrik ulaglaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek we olaryň hyzmatlaryny alyp barmak boýunça infrastruktura gurlar hem-de akkumulýatorlary gaýtadan işlemek tehnologiýalary dörediler.
«Täjigistan ekologiýa taýdan arassa we arzan bahadan elektrik energiýasyny öndürýän GDA ýurtlarynyň biridir. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurtda elektrik ulaglaryny ulanmak ähli ugurlarda has ýerlikli hem täsirlidir. Aýratyn hem, ýangyjyň bahasynyň ýokarlanýan döwürde» — diýip, ulag ministri Azim Ibrohim belledi.