«Ural» aşa pes temperaturada ýol aşýan arktiki ýük awtoulagyny hödürledi
17 Awgust
«Ural» aşa pes temperaturada ýol aşýan arktiki ýük awtoulagyny hödürledi

Golaýda «Ural» awtoulag zawody 6 x 6 formulasynyň esasynda hereket edýän arktiki ýol ulagyny hödürledi.

Tehnikanyň esasy aýratynlygy -50 gradus Selsiýa ýaly aşa pes temperaturada işledilip bilinjekdigi bilen baglydyr. Elbetde, beýle awtoulag üçin tekiz ýollar asla zerur däl.

Awtoulag 9 tizlikli mehaniki geçiriş bilen utgaşdyrylan 310 at güýji bolan turbodizel hereketlendirijisini aldy. Ähli tigirleri işleýän hereketlendirijiniň üsti pes aralykda işleýän enjamlar bilen ýetirildi. Ulag pes basyşly tekerlerde hereket edýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem