Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Täjigistanda 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ammar boşluklarynyň nol derejede saklanjakdygyny «IBC Global» tarapynyň dolandyryjy hyzmatdaşy Stanislaw Ahmedzýanow çaklaýar.
Hünärmen işjeň islegiň artmagy bilen giriş üçin yglan edilen mukdaryň azdygyny aýtdy. Şeýlelikde, Özbegistanda 2024-nji ýylyň ahyryna çenli takmynan 60 müň inedördül metrlik meýdan peýda bolar. Täjigistanda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bary-ýogy 50 müň inedördül metrlik meýdan artar. Gyrgyzystanyň şeýle meýdanynyň 300 müň inedördül metr giňejekdigine garamazdan, häzirki wagtda ýurtda 50 müň inedördül metrden köp şeýle orunlaryň ýokdugyny bellemek gerek — diýip, Stanislaw Ahmedzýanow düşündirdi.
— Eger, size ýokary hilli döwrebap ammar gerek bolsa, şeýle desgany tapmak mümkin däl diýen ýaly. Sebitdäki häzirki logistika gozgalmaýan emlägi boýunça ýetmezçilik takmynan 20 million inedördül metre deňdir — diýip, bilermen belledi.