Dünýäniň iň ygtybarly pikaplary atlandyryldy
20 Awgust
Dünýäniň iň ygtybarly pikaplary atlandyryldy

«iSeeCars» awtoulag neşiriniň bilermenleri iň uzak ulandyrýan ýük awtoulaglarynyň reýtingini yglan etdiler. Onda dürli önümçilik ýyllaryna degişli bolan ýüzlerçe million ulagyň ýagdaýy we geçen aralygy baradaky maglumatlar seljerildi.

Netijeler reýtingiň başyny «RAM 3500» kysymly awtoulagyň çekýändigini mälim etdi, bu ulagyň 402 müň kilometrlik bellige ýetmek ähtimallygy 42,6% bolup, munuň özi şeýle ulaglaryň beýleki nusgalarynyň mümkinçiliklerinden ortaça 2,2 esse ýokardyr.

Reýtingde ikinji orny «Toyota Tundra» modeli eýeleýär — onuň geçip biljek rekord aralygynyň ähtimallygy 36,6% bolup, bu ortaça geçiş mümkinçiliginden 1,9 esse ýokarydyr. Üçünji ýeri «Chevrolet Silverado 2500HD» eýeläp, onuň netijesi 29,6 göterimdir. Munuň özi şeýle ulaglar üçin ortaça geçiş görkezijisinden 1,5 esse ýokarydyr.

Şeýle hem iň uzak ulanyp bolýan pikaplaryň sanawyna «General Motors» modeliniň iki nusgasy — «GMC Sierra 2500HD» we «Chevrolet Silverado 3500HD» girýär. «GMC Sierra 2500HD» rekord geçiş derejesi 29,1 göterim, «Chevrolet Silverado 3500HD» modeliniňki bolsa 28,7 göterim bolup durýar.

Mundan başga-da, umumy reýtinge aşakdaky modeller girýär:

  • «Ford F-350 Super Duty»;

  • «Ford F-250 Super Duty»;

  • «Ram 2500»;

  • «Toyota Tacoma»;

  • «GMC Sierra 3500HD»;

  • «Honda Ridgeline»;

  • «Chevrolet Silverado 1500»;

  • «GMC Sierra 1500»;

  • «Ford F-150»;

  • «Nissan Titan»;

  • «Ram 1500»;

  • «GMC Canyon»;

  • «Chevrolet Colorado»;

  • «Nissan Frontier».

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem