«BYD» awtoulaglary Ýewropany eýelär: 200 metrlik gämi «Song PLUS DM-i» gibridiniň 1000 birligini Ispaniýa getirdi
20 Awgust
«BYD» awtoulaglary Ýewropany eýelär: 200 metrlik gämi «Song PLUS DM-i» gibridiniň 1000 birligini Ispaniýa getirdi

«BYD Explorer No.1» atly iri gämi Ýewropa ýene bir gatnawyny amala aşyrdy. «IT Home» tarapyndean habar berlişi ýaly, 15-nji awgustda — penşenbe güni gämi Ispaniýanyň Santander portuna girdi. Hytaýdan näçe awtoulagyň getirilendigi barada takyk maglumat ýok, ýöne «Explorer No.1» gämisine takmynan 7 müň awtoulag ýerleşýär.

Ulaglar Ispaniýanyň, Angliýanyň, Niderlandlaryň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň bazary üçin niýetlenendir. Gämi Ispaniýa «Song PLUS DM-i» gibrid krossoweriniň müňüsini gowşurdy.

«BYD Explorer No.1-iň» uzynlygynyň 200 metre, ininiň 38 metre, barabardygyny, tizliginiň bolsa 34 km/sag bolup durýandygyny ýatladýarys.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem