Peterburg subsidirlenen konteýner düzümini Kuba ýollamagy meýilleşdirýär
20 Awgust
Peterburg subsidirlenen konteýner düzümini Kuba ýollamagy meýilleşdirýär

Sankt-Peterburg eksporty goldamak boýunça çäreleri giňeldýär we subsidirlenen konteýner düzümini Braziliýa, Wenesuela, Tanzaniýa we Kuba ýerli öndürijileriň harytlary bilen ýollamak mümkinçiligine seredýär. Bu barada şäher senagat syýasaty, innowasiýa we söwda boýunça komitetiniň başlygy Kirill Soloweýçigiň sözlerine salgylanýan «TASS habar berdi.

«Häzir Wenesuela, Kuba, Braziliýa, Senegal we Tanzaniýa ýaly ileri tutulýan ugurlar işlenýär. Aslynda, bu eksportçy üçin mugt hyzmat — Eksport merkezi ýollamak boýunça serişde harçlamagyň ornuna konteýner ýükleri, agentligiň ugrukdyrmasy we ýükleriň konsolidasiýasy üçin töleg edýär» — diýip, ýolbaşçy belledi.

Ýükleriň ýygyndysyny daşamagyň düýp manysy dürli müşderileriň harytlaryny bir toplumda birleşdirmekdir. Esasy üns aýratyn saklanyş düzgünini we ýörite temperatura şertlerini talap etmeýän ownuk harytlaryň toplumyna gönükdirilýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem