«SAIC-GM» kompaniýasynyň täze baş menejeri Lu Sýao «Economic Observer Network» neşirine interwýu berdi. Ol birnäçe sowallara jogap berdi we «SAIC-GM-iň» meýilnamalaryny beýan etdi.
Ýakynda internetde «General Motorsyň» «Buick» bölümini «SAIC-e» satandygy we «Chevrolet» brendiniň Hytaýdan çykandygy barada myş-myşlar ýaýrapdy. Lu Sýao bu gürrüňlere jogap hökmünde şeýle diýdi: «Buick» we «Chevrolet» brendleriniň ýerleşýän ýeri baradaky aýdylýanlar — diňe myş-myş. Geljekde «SAIC-GM-iň» ösüş strategiýasy bir wagtyň özünde täze we köne ugurlara gönükdiriler».
Lu Sýao ýerli sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin has täze önümleri çykarmak maksady bilen, «SAIC-GM-iň» häzirki strategiýanyň dowamlylygyny saklajakdygyny, «benzin we akylly elektrik» täze energiýa tehnologiýalaryna we akylly tor tehnologiýasyna esaslanýan «Cadillac», «Buick» we «Chevrolet» brendleriň üçüsiniň mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
Lu Sýao «SAIC General Motorsyň» soňky ýyllarda täze önüm çykaryş tizligi boýunça yza galandygyny boýun aldy we awtoulag pudagynyň ösüşiniň elmydama uzyn aýlaw bilen häsiýetlendirilendigini hem-de kärhanalary özgertmegiň bir sagatda amala aşyrylyp bilinmejekdigini tassyklady.
Mundan ozal, «BYD Group» kompaniýasynyň söwda we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň baş müdiri Li Ýunfeý öz kompaniýasynyň «Chrysleri» satyn alandygy baradaky habarlary ret edipdi.