Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda täze ýokary tizlikli magnit göterijili ulag ulgamynyň synaglary tamamlandy. Munuň özi sagatda müň km tizlige ýetip bilýän hem-de magnit göterijide hereket edýän otlyny döretmekde ýene bir üstünlikdir. Bu barada «BelTA» habar berýär.
Görkeziş synaglary Datun şäheriniň Ýangao etrabynda geçirildi. Ol pes wakum şertlerinde 2 km uzynlykdaky turbageçirijiniň içindäki ulagda amala aşyryldy.
Netijeler otlynyň gözegçilikdäki nawigasiýa we belli bir egrelýän ugur boýunça howpsuz duralgany ýerine ýetirip bilendigini görkezdi. Mundan başga-da, ulagyň iň ýokary tizligi we asma ulgamynyň beýikligi bellenen ölçeglere laýyk gelýär.
Ähli ulgamlar kadaly işleýär we otlynyň geçen ýoly teoretiki traýektoriýa doly laýyk gelýär.
Ulgamyň gurluşygy 2022-nji ýylyň aprelinde Ýangao etrabynda başlandy. Aerokosmos tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagy otlularyň sagatda müň km tizlige ýetmegine mümkinçilik berýän ýerüsti demir ýol ulag tehnologiýalaryny emele getirýär. Geljekde bu ulgam megapolisleriň arasynda syýahat etmek üçin ulanylyp bilner.