«Audi RS 3 Sportback 2025»: Ilkinji suratlar peýda boldy
22 Awgust
«Audi RS 3 Sportback 2025»: Ilkinji suratlar peýda boldy

Täzelenen «Audi RS 3 Sportback 2025-iň» ilkinji suratlary peýda boldy. Munuň täze «Audi A3 Sportback» çyzgydynda iň güýçli model boljakdygyny bellemek gerek.

Çyralar özboluşly görnüşini saklaýar, gündizki yşyklaryň we köplenç öwrüm görkezijileriniň şöhlelenýän çyralaryň ýerleşýän ýerinde baýdak nagşynyň şekilinde öz beýanyny tapýan OLED-optikasy peýda boldy.

Çyralar OLED-tehnologiýalary arkaly ýasalýar we yzda täze agressiw bölek görünýär. Mundan başga-da, «Audi» täze reňk nusgalaryny goşdy. Ulagyň salony heniz görkezilmedi.

Awtoulagda bäş silindrli we iň ýokary kuwwaty 400 at güýji bolan 2,5 litrlik TFSI hereketlendirijisi, «Audi quattro» tigir dwigateli we ýedi tizlikli iki klawişli awtomatiki geçiriji ornaşdyrylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem