«Belawia» Russiýadan Türkmenistana we yzyna uçýan üstaşyr gatnawlaryň biletlerini arzanlatdy
22 Awgust
«Belawia» Russiýadan Türkmenistana we yzyna uçýan üstaşyr gatnawlaryň biletlerini arzanlatdy

"Belawia" awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana we yzyna uçýan üstaşyr gatnawlar üçin bahalaryň arzanladylandygyny habar berdi. Bu barada maglumaty awiakompaniýanyň Metbugat gullugy ýaýratdy diýip, Belta agentligi habar berýär.

Ýörite promotarif 26-njy oktýabra şu ugurlar boýunça hereket edýär:

  • Moskwa- Minsk - Türkmenbaşy

  • Moskwa - Minsk - Türkmenbaşy - Minsk - Moskwa

  • Sankt-Peterburg - Minsk - Türkmenbaşy

  • Sankt-Peterburg - Minsk - Türkmenbaşy - Minsk - Sankt-Peterburg

Üstaşyr wagty 24 sagatdan geçmeýän bolsa, Türkmenistanyň raýatlary üçin belarus wizasy hökman däl. Ýolagçy howa menzilinden daşyna çykmaýar we öňki uçuşyndan biletini ýanynda saklaýar.

"Belawia" üstaşyr gatnaýan ýolagçylar üçin tutuş ugur üçin hasaba alnyşy öňünden geçip goýmagy we biletleriň ikisini hem eliňde saklamagy maslahat berýär.

Daşary ýurt raýatlarynyň Russiýa girişi üçin talaplar barada maglumaty RF-niň degişli edaralaryndan anyklap bilersiňiz.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem