Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýollarynyň ulgamy dünýäde iň uzak aralyga uzaýan demir ýol bolup durýar. Tehniki innowasiýalaryň we gumanitar taslamalaryň kömegi bilen ýokary tizlikli demir ýollary döwletiň obalaryndaky ýaşaýjylary üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Lýaonin welaýaty Hytaýyň gadymy senagat sebitiniň biri bolup, şeýle-de bu welaýat ýokary tizlikli demir ýollarynyň birinjilik bilen herekete getirilen ýerleriniň biri bolup durýar. Geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde ýokary tizlikli otlyda 120 million töweregi syýahat amala aşyryldy. Sorag etmeleriň netijesinde ýerli ilatyň üçden bir bölegi ulagyň bu görnüşini hil taýdan birinjilige degişlidigini aýtdylar. Adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýokary tizlikli otlylaryň işjeňliligini artdyrmak maksady bilen “China Railway Shenyang Group” üznüksiz ösüşlere ýykgyn edýär. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, 60-dan gowrak gurluşy işläp taýýarlamak işleri dowam edýär.
Innowasiýalar tehniki ösüşiň serhetinden çykýar. Bular uzakdaky sebitleriň ösmegine hem sebäp bolýar. Dürli sebitleri birleşdirýän ýokary tizlikli demir ýollary ýerli ilatyň durmuş şertlerini gowylaşdyrýar.
“China Railway Shenyang Group” hünärmenleri oba ýaşaýjylaryna täze hojalyk pudaklarynyň gurluşygyna hem kömek edýärler. Bu olaryň girdeýjileriniň köpelmegine we gündeki durmuşynyň ýeňilleşmegine sebäp boldy.
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklarynda görä, täze ýollar, hojalyk pudaklarynyň desgalarynyň täzeden gurulmagy we gazanç etmekde açylýan täze başarnyklar Ýuçžanzy we beýleki obalaryň ugry boýunça we täze ugurlar boýunça hereket edýän ýokary tizlikli demir ýollary olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgermegine getirýär.