Şu ýylyň noýabr aýyndan başlap Polşada tölegli ýollaryň ulgamy ep-esli giňeler. Hökümet awtoulag ýollarynyň we tizlikli awtoulag ýollarynyň goşmaça böleklerinden geçmek üçin töleg girizmek kararyna geldi.
Häzirki wagtda takmynan 3620 km milli ýollarda elektron tölegler ýygnalýar. Täze düzgün, ulgamyň ýene 1,6 müň km awtoulag ýollary we tizlikli ýollary giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Köpçülikleýin peýdalanmagyň ýollary baradaky kanuna laýyklykda, umumy rugsat berilýän agramy 3,5 tonnadan gowrak transport serişdelerden we awtobuslardan geçiş tölegler alynýar.
Ulgamyň giňelmegi aşakdaky görkezilen ýol böleklerini öz içine alar:
А1 Awtoulag ýoly:
- Petrkuw-Trybunalskiý-Poludniýe çatrygy - Pyžowise çatrygy
А2 Awtoulag ýoly:
- Lýubelska-Hoşowka-Dembska çatrygy.
S1 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Miluwka - Zwardon.
S2 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Pulawskaýa çatrygy - Lýublinskaýa çatrygy.
S3 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Parluwko çatrygy - Menkowo çatrygy;
- Skwežina Poludniýe çatrygy – Mendzyžeç Poludniýe çatrygy;
- Nowa Sol Zahod çatrygy – Bolkuw çatrygy.
S5 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Bydgoş Polnos çatrygy – Gnezno Poludniýe çatrygy;
- Poznan Zahod çatrygy – Rydzyna çatrygy;
- Koržensko çatrygy – Wroslaw Polnos çatrygy.
S6 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Golenýuw Polnos çatrygy – Nowogard Zahod çatrygy;
- Nowogard-Wshod çatrygy – Koşalin-Wshod çatrygy;
- Božepole-Welke çatrygy – Gdynýa-Welki-Kas çatrygy.
S7 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Žulawy-Zahod çatrygy – Elblong-Zahod çatrygy;
- Milomlin Poludniýe çatrygy – Olştynek Zahod çatrygy;
- Ronçki çatrygy – Plonsk Polnos çatrygy;
- Tarçin Poludniýe çatrygy – Gluhuw çatrygy;
- Radom Polnos çatrygy – Skaržisko-Kamenna Poludniýe çatrygy;
- Kelse Poludniýe çatrygy – Endžeýuw Polnos çatrygy;
- Endžeýuw-Wshod çatrygy – Wodzislaw çatrygy;
- Krakow-Nowa-Huta çatrygy – Krakow-Pşewoz çatrygy;
- Lýuben – Zabornýa çatrygy.
S8 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Radzeýowise çatrygy – Paşkuw çatrygy;
- Marki çatrygy – Radzymin Poludniýe çatrygy;
- Wyşkuw Polnos çatrygy – Brok çatrygy;
- Podborže çatrygy – Zambruw-Zahod çatrygy;
- Menženin çatrygy – Ýežewo çatrygy.
S10 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Walç Zahod çatrygy – Witankowo çatrygy.
S11 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Şesinek - Omulna;
- Meşkuw çatrygy – Ýarosin çatrygy;
- Ostruw-Welkopolskiý Polnos – Strugi çatrygy;
- Krugowoý – Baranowskiý çatrygy.
S12 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Pulawy-Zahod çatrygy – Kuruw-Zahod çatrygy.
S16 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Olştyn Poludniýe çatrygy – Olştyn Wshod çatrygy.
S17 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Lýubelska – Mihalowka çatrygy;
- Garwolin Poludniýe çatrygy – Kuruw Zahod çatrygy.
S19 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Lýublinskiý çatrygy - Wenglin – Stobern çatrygy;
- Swilça çatrygy – Žeşuw Poludniýe çatrygy.
S51 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Olştynek Zahod çatrygy – Olştyn Poludniýe çatrygy.
S61 Tizlikli awtoulag ýoly:
- Snýadowo çatrygy – Lomža Poludniýe çatrygy;
- Kolno çatrygy – Elk Poludniýe çatrygy;
- Kalinowo çatrygy – Raçki çatrygy;
- Suwalki Poludniýe çatrygy – Suwalki Polnos çatrygy.
Tölegli ýol ulgamynyň giňelmegi Milli ýol gaznasyna ep-esli girdeji getirer diýlip garaşylýar - eýýäm birinji ýylda girdejiler takmynan 280 million ýewro artar. Elektron ýygymlara täze ugurlary goşmak bilen baglanyşykly çykdajylar takmynan 3,1 million ýewro bolar we ulgamy goldamak üçin herýyllyk çykdajylar ortaça 3 million ýewro artar.
Şeýle hem tölegli ýollaryň has giň ulgamy, Polşanyň dürli sebitlerinde logistika pudagynyň çykdajylaryny deňleşdirmek we Milli Dikeldiş we Durnuklylyk meýilnamasynyň düzgünlerine laýyklykda demir ýol pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny goldamak üçin niýetlenendir.