BYD zawod gurluşygy baradaky meýilnamasy bilen täze uly bazara çykýar
23 Awgust
BYD zawod gurluşygy baradaky meýilnamasy bilen täze uly bazara çykýar

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi öz gerimini global derejede giňeltmegi dowam etdirýär. Kompaniýa eýýäm 80-den gowrak bazarda hereket edýär, indi bolsa ilat sany boýunça dünýäde bäşinji ýurt bolan Pakistanyň bazaryna çykýar.

BYD öz awtomobilleriniň söwdasy üçin Pakistanyň iň uly işewür toparlarynyň biri bolan Mega Conglomerate Pvt bilen hyzmatdaşlyga girdi.

Pakistanda BYD awtomobilleriniň satuwy 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde başlar. Ilkibaşda bazara Atto 3 krossoweri, Dolphin hetçbegi we Seal sedany çykar. Geljekde BYD doly elektrik we gibrid modelleri-de hödürlär.

Mundan başga-da, BYD Pakistanda zawod gurup, 2026-njy ýylda önümçilige başlamagy meýilleşdirýär. Önümçilikde BYD-yň hyzmatdaşy ýurtda iň uly garaşsyz elektrik energiýasyny öndüriji Hub Power Co.-nyň golçur kompaniýasy Mega Motors bolar.

Zawod Karaçidäki Kasim portunyň golaýynda ýerleşer, bu ýerde eýýäm Toyota, Suzuki we Kia kompaniýalarynyň gurnama zawodlary bar. Kasim porty ýurtda ululygy boýunça ikinji port bolup, ýurduň ýükleriniň, takmynan, 35%-ini dolandyrýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem