Audi bäş silindrli 2,5 TFSI hereketlendirijili iň soňky modelini hödürledi
24 Awgust
Audi bäş silindrli 2,5 TFSI hereketlendirijili iň soňky modelini hödürledi

Audi 394 at güýjüni öndürýän 2,5 TFSI bäş silindrli hereketlendirijili, bazardaky iň täze RS3 modelini yglan etdi. Hereketlendiriji takmynan 50 ýyldan bäri öndürilip gelinýär we bu goýberiliş onuň çykarylyşynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýar.

Model kuzowy iki görnüşinde elýeter: Sportback we Saloon.

Audi RS3-iň daşky görnüşi täze LED faralaryň, täzeden işlenen howa çekijiler we uglerod süýmünden edilen bölekler bilen täzelendi. Salonyna daşyna Nappa derisi çekilen RS susak şekilli oturgyçlar we täze rul goýlan. salondaky fiziki düwmeler duýgur düwmeler bilen çalşyryldy, emma howa gözegçilik ulgamy adatylygyna galdyryldy.

Tehniki täzelenmeler awtoulagyň öwrümde durnuklylygyny ýokarlandyrýan şassi dolandyryş ulgamynyň täzelenmelerini öz içine alýar. Opsiýa taýdan Pirelli P Zero Trofeo R tekerleri bilen elýeter. Sagatda 100 km tizlige 3,8 sekuntda ýetýär.

Sportback modeliniň bahasy 59 510 funt sterlingden, Saloon bolsa 60 510 funtdan başlaýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem