BMW, birnäçe ýangyn hadysasyndan soň, 720 müň ulagy yzyna çagyrýar
BMW ýangyna sebäp bolup biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 720 796 awtoulagy yzyna çagyrýar diýip, Motor1 ýazýar.
Näsazlyk suw pompasynyň ýanyndaky elektrik birikdirijä suw düşmegi sebäpli döreýän gysga utgaşma bilen baglanyşyklydyr. Näsazlyk sebäpli 18 ýangyn hadysasy hasaba alyndy.
Yzyna çagyrylan awtoulaglar 2012-2018-nji ýyllaryň 2, 3, 4 we 5 seriýaly modellerini, X1, X3, X4 we X5 krossowerlerini, şeýle hem Z4 sport awtoulagyny öz içine alýar.
Şu aýyň başynda BMW Demirgazyk Amerikada 105 558 ulagyň yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu modellerde, starteriň işine täsir edip biljek programma üpjünçiliginiň näsazlygy bar.
Şeýle hem
//=YII::t('app','Similar')?>