Şu ýyl Eýranda üstaşyryň 57% ösüşi gazanyldy
26 Awgust
Şu ýyl Eýranda üstaşyryň 57% ösüşi gazanyldy

“2023-nji ýylda üstaşyr 17,8 million tonna ýük rekord derejesine ýetdi we bu ösüş geçen 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende şu ýyl 2024-nji ýylda 57% ýokarlanmak bilen dowam edýär" - diýip Eýran Yslam Respublikasynyň transport we şäher ösüş ministri Mehrdad Bazrpash belleýär.

IRNA-nyň habaryna görä, on üçünji hökümetiň ýol pudagynda alyp barýan işleriniň 34 aýynyň dowamynda, bu hökümetiň işiniň başy bilen deňeşdirilende, ýol üstaşyr 215 göterim ýokarlandy. Hasabata görä, ýol üstaşyryň göwrümi on üçünji çagyrlyşyň hökümetiň işiniň başynda 4,7 million tonnadan 14,8 million tonna çenli ýokarlandy.

Üstaşyr we logistika boýunça Milli ştabyň ýöriteleşdirilen merkeziniň birinji ýygnagynda transport boýunça ýol we ýaşaýyş jaý ministriniň orunbasary Kamal Hadiýanfar 2023-nji ýylda ýurtda üstaşyryň umumy mukdarynyň 16 million 340 müň tonna ýetendigini we bu ýurt üçin täze rekortdygyny belledi. Bu mukdardan 14 million 750 müň tonnasy ýol üstaşyra degişli bolup, 1 million 590 müň tonnasy demir ýol üstaşyra degişlidir.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem