Azerbaýjanyň üsti bilen Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça üstaşyr göwrümleri
26 Awgust
Azerbaýjanyň üsti bilen Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça üstaşyr göwrümleri

Azerbaýjanda, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesinde üstaşyr ýük daşamagyň mukdary 434 müň 651 tonna boldy.

“Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň habar berşi ýaly, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25% köpdir.

Hasabat döwründe üstaşyr ýükleri Astara-Ýalama we Ýalama-Astara ugurlaryna amala aşyryldy.

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Ýewropanyň demirgazyk bölegini Russiýa, Kawkaz we Merkezi Aziýanyň üsti bilen Pars aýlagyň döwletleri we Hindi ummany bilen birleşdirýär. Bu multimodal geçelgesini döretmek baradaky şertnama 2000-nji ýylda Russiýanyň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda gol çekildi we häzirki wagtda oňa 12 ýurt gatnaşýar. Geçelge üç ugry öz içine alýar: günbatar - Hazar deňziniň günbatar kenaryny, gündogarda Gazagystanyň üsti bilen degişlilikde gündogar tarapyny, Hazaryň üsti bilen uzaýan ulag geçelgesini - Hazar deňziniň üsti bilen.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem