Lexus brendi 2025 RX krossowerini hödürledi
28 Awgust
Lexus brendi 2025 RX krossowerini hödürledi

Ýerli bazarda iň geçginli model täze Black Line Special Edition daşky dizaýnyny, täze F Sport Design komplektasiýasyny we beýleki görnüşleri üçin kämilleşdirilen enjamlary aldy.

Black Line görnüşi, adyndan belli bolşy ýaly, gara öwüşginleri we 21 dýuýmlyk täze gara tigirleri bilen tapawutlanýar. Içi - çal kontrastly tikinli gara salonly. Black Line Special Edition-iň bary-ýogy 500 nusgasy öndüriler.

Mundan başga-da, Lexus RX 2025-iň diňe RX 350 we RX 350h üçin elýeterli we Premium komplektasiýasyna esaslanýan F Sport Design komplektasiýasy peýda boldy. F Sport Design bilen Premium-yň arasyndaky tapawut 21 dýuýmlyk gara tekerleriniň we gara agaçdan bezeg bölekleriniň bolmagyndan ybarat.

Krossower birnäçe elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýlelik bilen, RX 350-niň kapotynyň aşagynda 279 at güýji bolan 2,4 litrlik turbo görnüşli hereketlendirijisi bar. Lexus RX 350h-iň 249 at güýjüni öndürýän gibrid ulgamy bar, RX 500h F Sport Performance Gibrid bolsa 371 at güýjüni öndürýär. Şeýle hem, geçirilýän gibrid güýç gurluşly RX 450h + hem bar: 308 at güýji, 2,5 litrlik hereketlendiriji we kuwwatlylygy 8.1 kWt bolan çekiji batareýa.

ABŞ-da Lexus RX 2025 -iň satuwy şu ýylyň ahyrynda başlar, bahalar entek yglan edilmedi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem